Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň roman-german dilleri we edebiýaty, olary okatmagyň usulyýeti kafedrasynyň dosenti, filologiýa ylymlarynyň doktory Narbibiş Şammyýewa Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen «Türki dünýäde milli şahsyýet we medeni miras» atly III halkara maslahatyna gatnaşdy.
Welaýat merkezimizdäki baýry ýokary okuw mekdebiniň mugallymy maslahatyň «Altyn orda» bölümçesine ýolbaşçylyk etdi. Şeýle hem ol «Göktürkler» bölümçesinde «Türkmen halkynyň aňyýetinde erkek oglanyň orny» atly mowzukda çykyş etdi. Ýeri gelende saýtsak, halkara maslahat Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministrligi, Azerbaýjanyň Ylymlar akademiýasy hem-de Türkiýäniň we Özbegistanyň käbir ýokary okuw mekdepleri tarapyndan guraldy. Oňa biziň ildeşlerimizden başga-da, Azerbaýjandan, Türkiýeden, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyzystandan milli miras bilen gyzyklanýan köp sanly alymlar, dilçiler we edebiýatçylar gatnaşdy. Maslahat öz işini bölümçeleriň 18-sinde alyp bardy.
Türkmenabatly alym halkara maslahatda bölümçe ýolbaşçysy boldy

27
Dec