TÜRKMENISTAN HABARLARY

Türkmenabatdan Türkmenbaşa uçuşlar ýola goýlar

Şu ýylyň 1-nji maýyndan başlap, «Türkmenhowaýollary» agentligi Aşgabat ― Türkmenabat ― Aşgabat aralyklarynda çarşenbe we ýekşenbe günlerinde bäş, hepdäniň galan günlerinde bolsa üç uçuşy amala aşyrar. Bu barada agentligiň resmi saýty habar berdi.
Şeýle hem şol günden başlap, her hepdäniň duşenbe güni Türkmenbaşy ― Türkmenabat ―Türkmenbaşy ugry boýunça uçuşlara badalga berler.
Maglumatda görkezilişi ýaly, Aşgabat ― Kerki ― Aşgabat ugry boýunça her gün bir, Daşoguz
― Türkmenabat ― Daşoguz ugry boýunça bolsa her hepdede bir uçuş ýola goýlar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: