Türkmenabatdan Türkmenbaşa goşmaça uçar gatnawlary goýlar
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyş möwsümleriniň başlanmagy bilen, «Türkmenistan» awiakompaniýasy açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan ýolagçylaryň artýan isleglerini kanagatlandyrmak üçin, Türkmenabat — Türkmenbaşy — Türkmenabat ugry boýunça goşmaça gatnawlar ýola goýuldy.
Bu barada «Türkmenhowaýollary» agentliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, Aşgabat — Türkmenbaşy — Aşgabat ugry boýunça hem ýerine ýetirilýän gatnawlaryň sany hepdede 16 gatnawa çenli artdyryldy.