JEMGYÝET

Türkmenabatdan Aşgabada awtobus gatnawy dikeldildi

2026-njy ýylyň 15-nji aprelinden başlap Aşgabat — Türkmenabat ugry boýunça täze şäherara awtobus gatnawy ýola goýuldy. Bu barada «Awtomobil ulag hyzmaty» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti habar berdi.
Täze gatnawlar ýakynda ulanmaga berlen Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýoly arkaly amala aşyrylar. Munuň özi ýolagçylaryň barmaly ýerlerine has gysga wagtda hem-de amatly şertlerde ýetmegini üpjün eder.
Awtobuslar her gün sagat 08:00-da Aşgabat şäheriniň A.Nyýazow şaýolundaky «Awtokombinat» nokadyndan we Türkmenabat şäheriniň halkara awtomenzilinden ugraýar. Ýolagçylar petekleri kassalardan ýa-da sanly ulgam arkaly onlaýn görnüşinde satyn alyp bilerler.
Goşmaça maglumat almak isleýänler +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20 telefon belgilerine ýüz tutup bilerler.