Türkmenabadyň himiýa zawodynda täze önümhanalaryň gurulmagy bilen, bu ýerde öndürilýän superfosfatyň önümçiligi ozalkysyndan 180 müň tonna artar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz bu zawodda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumy gurmak barada Karara gol çekdi. Toplumyň taslamasyny düzmek we ony gurmak üçin «Türkmenhimiýa» döwlet konsernine Koreýa Respublikasynyň «Daewoo Engineering & Construction Co., Ltd» kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
Himiýa zawodynda hem häzirki wagtda ýylda 170 müň tonna superfosfat, 200 müň tonna kislorod we ösümlikleriň ösüşini sazlaýan oksigumat serişdesi öndürilýär. Indi bolsa superfosfatyň möçberi kämil tehnologiýalaryň ulanylmagy esasynda artdyrylar we hili hem has gowulanar. Superfosfatdan başga ammoniý sulfatynyň täze önümçiliginiň ýola goýulmagy hem ekerançylaryň bähbitlerine laýyk gelýär. Kärhananyň ýolbaşçysy Ramazan Halbaýewiň aýtmagyna görä, hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda ýylda 350 müň tonna superfosfat we 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň gurulmagy bilen welaýatyň ykdysadyýeti täze ösüşlere eýe bolar.