YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky zawodda bir aýda 140 müň manatlykdan gowrak iş edildi

Türkmenabadyň tejribe-synag abatlaýyş zawodynyň işgärleri «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji aýynyň meýilnamasyny artygy bilen berjaý etdiler. Meýilnama boýunça kesgitlenilen 141 müň manatlygyň ýerine 395 müň manatlyk işler ýokary hilli ýerine ýetirildi.

Zawodda oba hojalygynda ulanylýan dürli kysymly tehnikalaryň zerur bolan şaýlary abatlanylýar we täzeden ýasalýar. Tejribeli hünärmenler welaýatyň oba hojalyk işlerinde ulanylýan tehnikalaryň şaýlarynyň çalt abatlanylyp, buýrujylara iberilmegini üpjün edýärler. Şu günlerde gowaça ekişinde ulanylýan tehnikalary abatlamak bilen baglanyşykly işler gyzgalaňly dowam etdirilýär. Ekiş geçirýän tehnikalaryň ätiýaçlyk şaýlaryny, ekijileri, rotorlary abatlamak, çoýundan bolan şaýlaryny ýasamak ýaly buýurmalar öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: