Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň 4-nji synpyny üstünlikli (1—4-nji synplardaky bahalarynyň aglabasy 5-lik bolmaly) tamamlan okuwçylar synag esasynda informatika dersi çuňlaşdyrylyp öwredilýän maglumat-tehnologiýa synplaryna we 5-nji synpyny üstünlikli (1—5-nji synplardaky bahalarynyň
aglabasy 5-lik bolmaly) tamamlan okuwçylar takyk we tebigy ugurlary (matematika, fizika we himiýa, biologiýa) çuňlaşdyrylyp öwredilýän synplara kabul edilýär.
Türkmenabat şäherindäki takyk we tebigy ugurlara ýöriteleşdirilen 28-nji orta mekdepde 2025—2026-njy okuw ýyly üçin resminamalary kabul etmeklik 2025-nji ýylyň iýul aýynyň 15-inden awgust aýynyň 15-ine çenli dowam edýär.
Gerekli resminamalaryň sanawy:
1. Okuwçynyň şahsy jiltiniň göçürmesi (A3 format da, mekdep müdiri tarapyndan tassyklanan).
2. Okaýan mekdebinden häsiýetnama — hö dürnama.
3. Saglyk ýagdaýy hakynda kesgitlenen nusgadaky kepilnama (0,26/h).
4. Dogluş hakyndaky şahadatnamanyň asyl nusgasy.
5. 3×4 santimetr ölçegdäki 4 sany reňkli fotosurat.
6. Ata-enäniň bellenen nusgada arzasy.
Mekdebe okuwa girmäge isleg bildirýän zehinli okuwçylar bilen matematika dersinden ýazuw-barlag işi, türkmen dili dersinden diktant, taryh dersinden dilden üç soragdan ybarat bolan soragnama ýazmaça jogap bermek arkaly synaglar geçirilýär.
Synaglar awgust aýynyň 18—20-si aralygynda geçirilýär.
Mekdebiň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Diwanabag köçesiniň 3-nji jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 800 422 7-00-82, 7-00-76.
Türkmenabatdaky ýöriteleşdirilen mekdep okuwa çagyrýar

04
Jul