BILIM

Türkmenabatdaky ýokary okuw mekdebiniň geçirjek bäsleşigine islendik hünärde okaýan talyplar gatnaşyp biler

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty ýurduň
ýokary orta mekdeplerinde okaýan talyplaryň arasynda türkmen dili dersi
boýunça olimpiada geçirer. Bu barada institutyň resmi saýtynda habar berildi.
Bäsleşik «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022-
2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli
maksatnamasyndan» ugur alyp, ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da
kämilleşdirmek, talyp ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak,
innowasion tehnologiýalary ýokary derejede ulanyp bilýän hünärmenleri
taýýarlamak, türkmen dilini çuňňur öwrenmek, ýurdumyzda berilýän bilimiň
halkara ülňülerine laýyk gelmegini gazanmak maksady bilen geçiriler. Ony şu
ýylyň 26-njy noýabrynda geçirmek meýilleşdirilýär.
Olimpiada şahsy bäsleşik görnüşinde geçirilip, oňa ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň islendik hünärde okaýan talyby gatnaşyp biler.