BILIM

Türkmenabatdaky ýokary okuw mekdebi abraýly reýtingleriň ýene birinden orun aldy

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty 2024-nji ýylyň netijeleri boýunça «UI GreenMetric World University Ranking» reýtingine girdi. Bu reýting ýokary okuw mekdepleriniň daşky gurşawy goramak, energetika, howanyň üýtgemegi, galyndylary dolandyrmak, ulag we durnukly ösüş babatdaky gazananlaryny bahalandyrýar. Şu ýyl reýtinge 95 döwletden 1477 sany ýokary okuw mekdebi girizildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň resmi saýtynda habar berilýär.
«UI GreenMetric World University Ranking» ýokary okuw mekdeplerine
durnukly ösüş maksatlaryna esaslanýan birnäçe görkeziji boýunça baha berýär.
Hususan-da, ol ýokary okuw mekdebiniň infrastrukturasyny, howanyň
üýtgemegini, energiýany, galyndylary, suwy, ulagy, ylmyň we gözlegleriň alnyp barlyşyny göz öňünde tutýar. Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda bu ugurlar boýunça netijeli ylmy-gözleg işleri alnyp barylýar, bu bolsa institutyň halkara reýtingde mynasyp orny eýelemegine mümkinçilik berdi.
Şeýle hem bu abraýly reýtinge Türkmenistanyň 11 sany ýokary okuw
mekdebiniň girendigi bellenmäge mynasypdyr. Şeýle reýtinglere işjeň
gatnaşmagy ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara abraýyny
ýokarlandyrýar, talyplaryň bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna, olaryň ylmy- gözleg işlerine bolan gyzyklanmalaryny artdyrmaga we durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge ýardam edýär.