Türkmenabadyň tikin fabriginiň zähmet adamlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 51 million 266 müň 150 manatlyk önüm öndürmegi meýilleşdirdiler. Şu günlerde ýyllyk meýilnama üstünlikli berjaý edilip, önümleriň soňky tapgyrlarynyň sargytlary ýerine ýetirilýär.
Tikinçiler Täze ýyl baýramyny zähmet üstünligi bilen garşylamak üçin tutanýerli
işleýärler. Işleriň depgini bu ýyl hem edil geçen ýyldaky ýaly meýilnamanyň artygy bilen ýerine ýetiriljekdigine güwä geçýär. Fabrigiň önümleriniň içerki bazarda tutýan orny örän ýokary hasap edilýär. Bu ýerde, esasan, harbylardan gelýän buýurmalaryň uly möçberdäkisi, ulular we çagalar üçin eşikler öndürilýär.
Türkmenabatdaky tikin kärhanasy 51,2 million manatlyk önüm öndürdi

27
Dec