Türkmenabatdaky teatryň täze eseriniň ilkinji görkezilişi boldy
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry belli ýazyjy Osman Ödäýewiň «Altynjan hatyn» romany esasynda Baýram Akadowyň ýazan «Altynjan» atly spektaklyny sahnalaşdyryp, tomaşaçylara hödürledi. Zehinli režissýor Perhat Hudaýberenowyň sahnalaşdyran, ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň hem-de Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň Halkara zenanlar güni mynasybetli yglan eden bäsleşigine hödürlenilen taryhy spektaklyň ilkinji görkezilişiniň uly ruhubelentlige beslenendigini bellemek bolar.
XI asyrda bolup geçen taryhy wakalary, Watan, ene toprak, erkinlik, döwlet, milletiň mertebesi ýaly mukaddeslikleri özünde jemleýän bu sahna eseriniň baş gahrymanlary belli taryhy şahslar — Togrul beg bilen onuň wepaly ýanýoldaşy Altynjan. Täze sahna oýnunda bolup geçýän wakalaryň kem-kemden ösüp gitmegi, spektaklda çykyş edýän aktýorlaryň ynandyryjy hereketleri tomaşaçylary başdan-aýak öz täsirine — wakalaryň jümmüşine dolap alýar. Sahnada öňe sürülýän esasy pikir Beýik Seljuk Türkmen döwletiniň üstüne howp abananda, Togrul begiň aýaly Altynjanyň orta çykmagydyr we döwletiň bitewüligini saklap
galmakda onuň görkezýän merdanalygydyr. Spektaklda türkmen zenanynyň mertligi, wepadarlygy, ugurtapyjylygy, gahrymançylygy wakalaryň üsti bilen açylyp görkezilýär. Togrul begiň hem-de Altynjanyň keşplerini döreden ýaş artistler Döwlet Haýtgulyýewiň hem-de Aýjeren Nazarowanyň zähmetleriniň ýerine düşendigine tomaşaçylaryň sahna eseriniň dowamyndaky elçarpyşmalary güwä geçýär. Spektaklyň taryhyň gatlaryna alyp gidýän wakalar bilen utgaşýan sahna bezeginiň, saýlanyp alnan sazlaryň hem juda ýerine düşendigini bellemek bolar. Oýnuň dowamynda teatr sahnasynyň tehniki mümkinçiliklerinden ýerlikli peýdalanylmagy hem bolup geçýän wakalaryň has ynandyryjy bolmagyna ýardam edýär. Täze taryhy spektakl teatryň agzybir toparynyň ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara zenanlar gününe ajaýyp sowgadydyr.