Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Balkan welaýatyndan soň Aşgabat şäherinde we Daşoguz welaýatynda hem döredijilik saparynda bolarlar. Has takygy, topar 17 ― 21-nji mart aralygynda paýtagtyň Mollanepes adyndaky talyplar teatrynda çykyş eder. Daşoguz welaýatyna döredijilik sapary bolsa aprel aýynda meýilleşdirilýär.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň at gazanan artisti Daňatar Gurbanowyň ýolbaşçylygynda bu
toparyň Balkan welaýatyna döredijilik saparynyň dowam edýändigini ýatladýarys. Teatryň
aktýorlarydyr aýdymçylary balkanly ildeşlerimiziň öňünde şowhunly aýdym-sazlar, degişme
sahnalary bilen çykyş edýärler. Toparyň düzüminde aýdymçy Daýanç Permanowyň, halypa
artistler Taýly Allaberdiýewiň, Babamyrat Aşyrowyň, Rejepgül Döwletowanyň, şeýle hem
zehinli aktýorlar Remezan Allaberdiýewiň, Bagtyýar Dolyýewiň, Dilaram Nurmämmedowanyň, Maýa Kemalowanyň, Anwar Egemberdiýewiň, Gülşat Jumaýewanyň çykyşlaryny tomaşaçylar şowhunly elçarpyşmalar bilen garşylaýarlar.
Türkmenabatdaky teatryň sahna ussatlary Aşgabatda we Daşoguzda hem döredijilik saparlarynda bolarlar

15
Mar