Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly drama teatrynda Täze ýyl baýramy mynasybetli çagalar üçin «Tokaýdaky Täze ýyl» atly erteki-sahna oýny görkezildi. Sahna eseri Berdi Kerbabaýewiň «Jonnuk batyr» eseriniň esasynda ýaş režissýor Suraý Rahmanowa tarapyndan sahnalaşdyryldy.
Sahna oýnunda Jonnuk batyryň keşbini Çary Eýeberenow ýerine ýetirdi, beýleki keşplerde hem teatr artistleri çykyş etdiler. Sahna bezegini Myrat Haýtyýew, saz bezegini Ruslan Hemraýew taýýarlady.
Türkmenabatdaky teatrda Täze ýyl ertekisi sahnalaşdyryldy
20
Dec
