MEDENIÝET

Türkmenabatdaky teatrda täze eser sahnalaşdyryldy

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary Garaşsyzlygymyzyň 34 ýyllyk şanly toýy mynasybetli dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazan taryhy «Syrak» spektaklyny sahnalaşdyrmagy tamamlap, ilkinji sapar teatr muşdaklaryna hödürlediler.
Täze spektaklyň Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy, ýaş režissýor Döwran Joraýewiň ilkinji özbaşdak döredijilik işidigine garamazdan, sahna eseri onuň görkezilişine gatnaşan baýry teatr işgärleri, ýazyjy-şahyrlar, sungaty öwrenijiler tarapyndan gowy baha mynasyp boldy. Watançylyk, gahrymançylyk mowzugyndaky spektakl ýaş nesiller üçin watansöýüjiligiň nusgasy bolup orta çykýar. Täze spektaklyň sahna we saz bezegleriniň hem ýerine düşendigini bellemek bolar.