Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda 1-nji martda şygyr agşamy geçiriler. Bu barada teatryň sahna ussatlary jemgyeýtçilik torlarynda habar berdiler.
Habarlarda aýdylyşy ýaly, şol gün ussat ýerine ýetirijiler tarapyndan türkmen we dünýä edebiýatynyň görnükli wekilleriniň şygyrlary okalar. Şygyr agşamyna welaýatyň meşhur şahyrlarynyň hem gatnaşyp, täze döreden goşgularyny okap bermegine garaşylýar.
Şeýle çäre teatrda köp wagtlyk arakesmeden soň ilkinji gezek geçirilýär. Soňky bir ýyllykda bu sungat ojagynda gitara agşamlarynyň geçirilmegi däbe öwrüldi. Teatryň baş režissýory Döwran Joraýew geljekde edebiýatyň muşdaklary üçin şygyr agşamlaryny hem ýygy-ýygydan geçirmegi meýilleşdirýändiklerini aýdýar.
Türkmenabatdaky teatrda şygyr agşamy geçiriler
27
Feb

