MEDENIÝET

Türkmenabatdaky teatrda «Gaýyn ene» atly eser ilkinji gezek görkeziler

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary 6 — 12-nji dekabrda ýurdumyzyň teatrlarynyň arasynda «Hemişelik Bitaraplyk — dost-doganlyk binýady» ady bilen geçiriljek, dünýäniň nusgawy ýazyjylarynyň, dramaturglarynyň meşhur eserleri esasynda sahnalaşdyrylan spektakllaryň hepdeliginde täze eserleriň ýene birini hödürlär.
Bu hepdeligiň barşynda ýurdumyzyň teatrlarynyň her biri 6-7 sany, jemi bolsa 70-e golaý sahna oýnuny tomaşaçylara hödürlär. Hepdeligiň dowamynda ildeşlerimiz doganlyk halklaryň 16-synyň ýazyjylarynyň teatr muşdaklarynyň gyzgyn söýgüsini gazanan sahna oýunlary bilen tanşyp, şol halklaryň ruhy dünýäsine aralaşyp bilerler.
—Hepdeligiň ilkinji gününde teatryň sahnasynda azerbaýjan dramaturgy Nazim Musazadanyň maşgala durmuşyndan söz açýan «Gaýyn ene» sahna oýnuny ilkinji gezek tomaşaçylara hödürläris. Teatr hepdeliginiň ikinji gününde özbek dramaturgy Şaraf Başbekowyň «Demir aýal» spektakly görkeziler. 8-nji dekabrda meşhur gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň okyjylaryň gyzgyn söýgüsini gazanan «Ak gämi» powesti esasynda sahnalaşdyrylan spektaklymyzy ildeşlerimize görkezeris. Şeýle hem hepdeligiň dowam edýän günlerinde, 9 — 10-njy dekabrda rus ýazyjysy we dramaturgy Anton Çehowyň «Söz aýdyş» hem-de özbek ýazyjysy Nurullo Abboshanyň «Körpe gelin» sahna oýunlary görkeziler.
Teatr hepdeligi tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň «Bir gyza dört aşyk» spektakly bilen jemlener ― diýip, teatryň baş ýolbaşçysy Mekan Sylabow welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.