MEDENIÝET

Türkmenabatdaky teatrda ene hüwdüsi sahnalaşdyryldy

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda belli tatar dramaturgy Tufan Minnulliniň «Hüwdi» atly pýesasy sahnalaşdyryldy. Täze sahna eserini ýaş režissýor Suraý Rahmanowa sahnalaşdyrdy. Bu spektakl onuň «Täze ýyl ertekileri» sahna işinden soňky ilkinji uly göwrümli sahna oýnudyr.
Spektaklyň wakalary hassahananyň çaga dogrulýan bölüminde bolup geçýär. Sahna eserine diňe zenanlar gatnaşýar. Oýunda täze çagaly bolan gelinleriň häsiýetleri we ykballary arkaly ene mähri, nesil terbiýesi, maşgala gatnaşyklary, perzent terbiýesine biparh garamagyň netijeleri, ene hüwdüsiniň ähmiýeti ýaly meseleler beýan edilýär.
Täze spektaklda halypa sahna ussatlary Ogulbossan Ýazjumaýewa, Aýgözel Sahatowa, Bagsere Rawşanowa bilen birlikde ýaş aktýorlar çykyş edýärler. Spektaklyň ilkinji görkezilişine gatnaşan döredijilik we sungat işgärleri, şol sanda baýry aktýorlar sahna eseriniň şowly çykandygyny bellediler.