Türkmenabatdaky teatrda dynç alyş günlerinde haýsy eserler görkeziler?
Seýitnazar Seýdi adyndaky Döwlet sazly-drama teatry şu hepdäniň dynç alyş
günlerinde öz tomaşaçylaryna gyzykly sahna eserleriniň ýene ikisini ýetirer.
Şu gün ― 14-nji dekabrda teatryň sahnasynda «Elwan ýaglykly serwim» atly
sahna eseri görkeziler. Ertir bolsa teatr sungatynyň muşdaklary «Magtymguly,
düzşdüň yşkyň güzerne» atly esere tomaşa edip bilerler.
Bu eserleriň ikisini hem režissýor Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrdy.