Şu günler Lebap welaýatynyň çägindäki çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde we meýdançalarynda dynç alýan çagalar, terbiýeçilik edaralarynyň körpeleri Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda myhmançylykda bolup, türkmen we dünýä halklarynyň ertekileri esasynda sahnalaşdyrylan oýunlara uly höwes bilen tomaşa edýärler.
Has takygy, hepdäniň dynç günleri teatrda «Şadyýan ertekiler», «Hazynanyň eýesi» atly sahna eserleri hem-de çagalar üçin gülküli oýunlar görkezilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, çagalaryň tomaşa edýän «Şadyýan ertekiler» atly sahna eserini teatryň artisti Rejepgül Döwletowa, «Hazynanyň eýesi» atly spektakly bolsa teatryň artisti Bagsere Röwşenowa sahnalaşdyrdy. Sahna eserlerinde teatryň görnükli artistleri Maýagözel Kemalowa, Aýgözel Sahatowa, Gülbahar
Gurbankulyýewa, Bagtyýar Dolyýew, Aýsenem Nazarowa dagy baş keşpleri ýerine ýetirýärler.
Türkmenabatdaky teatrda çagalar üçin ertekiler sahnalaşdyrylýar

19
Jun