MEDENIÝET

Türkmenabatdaky teatrda «Altynjan hatyn» sahnalaşdyrylýar

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda ýazyjy Osman Ödäýewiň adybir romany esasynda «Altynjan hatyn» atly täze sahna eseri sahnalaşdyrylýar.
Täze eseriň edebi esasyny Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Baýram Akadow ýazdy. Eseri teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow sahnalaşdyrýar. Üstümizdäki ýylyň esasy işi hökmünde bu eseriň saýlanyp alynmagynyň aňyrsynda görnükli şahsyýet Altynjan hatynyň geçmişde döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak arkaly bilelikdäki ösüşi üpjün etmäge goşan uly goşandy ýatyr diýlip, türkmen metbugatynda habar berildi.
Habarda bellenilişi ýaly, teatryň döredijilik topary göz öňünde tutulýan abraýly festiwallara hut şu eser bilen gatnaşar. Teatryň geçen ýyl ýurtda geçirilen halkara festiwalda welaýatlara wekilçilik eden ýeke-täk topar bolandygyny-da aýratyn nygtamak gerek. Bu döredijilik toparynyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Magtymguly» romany esasynda sahnalaşdyran «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne» atly eseri festiwalyň ýörite baýraklarynyň birnäçesine mynasyp görüldi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: