MEDENIÝET

Türkmenabatdaky teatrda «Aldarköse» sahnalaşdyryldy

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda «Aldarköse» atly oýun sahnalaşdyryldy.

Režissýor Öwezmuhammet Galandarowyň çagalara niýetläp goýan oýnunda ady rowaýata öwrülen Aldarköse bilen baglanyşykly meşhur ertekiniň gahrymanlary çykyş edýärler. Onuň aýaly Totynyň, şeýle-de tilkiniň, döwüň başyndan geçiren wakalarynda çylşyrymly pursatlardan baş alyp çykýan gahrymanlaryň ugurtapyjylygy hakynda söz açylýar.

Teatryň zehinli artistleri Çary Rahmankulowyň, Dilaram Nurmämmedowanyň, Çary Eýeberenowyň, Gülbahar Gurbangulyýewanyň, Aziz Akyýewiň ýerine ýetiren keşpleri ynandyryjylygy, gyzyklylygy we özüneçekijiligi bilen tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: