Lebap welaýatynyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry täze döredijilik möwsümine başlady. Täze möwsüm dabaraly konsert bilen açylar, onda teatr artistleriniň taýýarlan çykyşlary tomaşaçylara hödürlener. Şu ýyl tomaşaçylary režissýor Perhat Hudaýberenowyň goýlan «Altyn Jan» eseri hem-de Çemengül Şukurowanyň sahnalaşdyran «Gaýyn ene» spektakly garaşýar.
Teatryň döredijilik toparynyň täze möwsüme taýýarlykly gelendigi aýratyn bellenilýär.
Şeýle hem häzirki wagtda teatr artistleri dramaturg Gowşutgeldi Daňatarowyň ýazýan taryhy «Syrak» pýesasynyň üstünde işleýärler. Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uçurymy Döwran Joraýew tarapyndan sahnalaşdyrylýan bu eser Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda tomaşaçylara hödürlenmek meýilleşdirilýär.
Türkmenabatdaky teatr täze möwsüme girişdi
02
Sep
