MEDENIÝET

Türkmenabatdaky teatr Söýgüliler gününe sowgat taýýarlady

Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatry 14-nji fewralda halkara derejesinde bellenilýän Söýgüliler güni (Keramatly Walentiniň güni) mynasybetli şüweleň görkezer. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi saýtynyň habar berşi ýaly, bu şüweleň «Diňe söýgi hakynda» diýlip atlandyrylýar.
Bu şüweleňiň ýürege ýakyn baýramy ýüregiňe iň ýakyn adamlar bilen geçirmek üçin iň gowy ýerleriň biri boljakdygyna ynam bildirýäris. Adyndan hem belli bolşy ýaly, şüweleňdäki çykyşlaryň ählisi söýgi temasynda bolar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: