Türkmenabatdaky teatr Magtymguly Pyraga bagyşlanan eseri sahnalaşdyrýar
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli häzirki günlerde akyldar şahyryň ýaşlyk ýyllaryny öz içine alýan «Magtymguly, düşdüň yşkyň güzerne» atly täze spektaklyň üstünde işleýär.
Teatrda döredijilikli gözleglerden soňra Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebowyň «Magtymguly» romanynyň üstünde durlupdyr we bu eser bilen birlikde dürli çeşmeler ilik-düwme öwrenilipdir. Belli bir netijä gelnenden soňra bolsa, bu romanyň äheňi teatryň režissýory Perhat Hudaýberenow tarapyndan «sahna diline» geçirilipdir. Häzirki wagtda tejribeli we zehinli ýaş aktýorlaryň gatnaşmaklarynda teatryň sahnasynda taýýarlyk işleri gyzgalaňly alnyp barylýar.
Spektaklda Magtymgulynyň kakasy Azadynyň hem-de ejesi Orazgülüň keşpleri Türkmenistanyň halk artistleri Babageldi Rejepowa we Akjagül Suhanowa ynanylypdyr. Magtymgulynyň söýgülisi Meňliniň keşbini zehinli aktýor Umida Hemraýewa, Azadynyň dosty Selim Magtymyň we onuň aýaly Ogulşekeriň keşplerini teatryň tejribeli artistleri Çary Dolyýew hem-de Jemal Arazmuhammedowa döredýärler. Bulardan başga-da spektaklda Meňliniň ejesiniň, Şanyýaz hanyň, Azadynyň ogly, Magtymgulynyň dogany Muhammetsapanyň keşpleriniň üstünde sahna ussatlygynyň inçe tilsimlerini ele alan Aýna Rozyýewa, Nurýagdy Döwletow, Remezan Allaberdiýew ýaly aktýorlar yhlas bilen işleýärler. Spektaklyň sahna bezegini ýerine ýetirýän Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, suratkeş Myrat Haýtyýewiň, sahna eserini saz bilen utgaşdyrýan Ruslan Hemraýewiň hem täze spektaklyň Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüniň milli we ruhy ýörelgeleri bilen utgaşyp, ilhalar bolmaklygy üçin edýän yhlasly gözleglerini belläp geçmek bolar.