Türkmenabatdaky teatr çagalar üçin täze erteki sahnalaşdyrdy
Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Täze, 2025-nji ýyl mynasybetli zehinli dramaturg Şöhrat Maşaripowyň «Kim hazynanyň eýesi?» atly ertekisi sahnalaşdyrylyp, çagalara hödürlenildi. Täze ýyl ertekisini sahnalaşdyrmak ýaş, zehinli režissýor Suraý Rahmanowa ynanylypdyr.
Täze eserdäki wakalaryň Täze ýyl arçasynyň daşynda Aýazbabanyň (Döwlet Haýtgulyýew) hem-de Garpamygyň (Umyda Hemraýewa) gatnaşmaklaryndaky şowhunly aýdym-sazlar bilen tamamlanmagy kalplara baýramçylyk ruhuny çaýdy. Erteki-oýnuň sahna bezegini ýerine ýetiren Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Myrat Haýtyýewiň, saz bezegini amala aşyran Ruslan Hemraýewiň hem zähmetiniň ýerine düşendigini aýtmak bolar. Mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsümini şadyýan geçirmeklerinde täze sahna eseriniň möhüm ähmiýete eýe bolandygy hem bellärliklidir.