MEDENIÝET

Türkmenabatdaky söhbetdeşlikde wirtual muzeýiň aýratynlyklary barada gürrüň edildi

Lebap welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hünärmenleri «Altyn asyr» teleýaýlymynyň döredijilik topary bilen bilelikde sanly ulgamyň muzeýlere giňden ornaşmagy we wirtual syýahatyň ähmiýetiniň giň mümkinçilikleri barada söhbetdeşlik geçirdiler.
Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanda sanly ulgamy ösdürmek, ähli ulgamlara sanly usullary ornaşdyrmak bilen bagly alnyp barylýan işleriň çäklerinde döredilen wirtual sergi muzeý gymmatlyklary bilen ilatyň has amatly usulda tanyşmagynda we ýurduň dürli künjeginde ýaşaýan ýaşaýjylar wirtual usul arkaly muzeýe syýahat edip, dürli eksponatlar bilen tanşyp bilýändikleri barada aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: