Welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde «Garaşsyzlyk — ösüşleriň binýady» atly söhbetdeşlik geçirildi. Çärä gatnaşyjylar tarapyndan Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, amala aşyrylan giň gerimli özgertmeler hem-de asuda, parahat durmuş barada çykyşlar diňlenildi.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda durnukly ösüş ýolunda öňe barýan döwlet hökmünde dünýä giňişliginde tanalýar. Şeýle hem kitaphana işgärleri tarapyndan «Bedew atlar gadymyýetden mirasdyr» ady bilen guralan kitap sergisi çärä gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.
Türkmenabatdaky söhbetdeşlik Türkmenistanyň Garaşsyzlygyna bagyşlandy
07
Apr

