JEMGYÝET

Türkmenabatdaky sergi daşky gurşawy goramaga bagyşlandy

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Daşky gurşawy goramak — ömrüňi goramak» atly wagtlaýyn sergi guraldy. Serginiň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň işgärleri, Türkmenistanyň Ekologiýa hereketi jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri, şäherimiziň ýaşaýjylary we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada edilen çykyşlarda ýurdumyzda ekologiýa abadançylygyny we daşky gurşawy goramak, gözel tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini has-da baýlaşdyrmak hem-de ylmy taýdan öwrenmek ugrunda durmuşa geçirilýän giň gerimli işleriň netijelerine üns çekildi. Şeýle-de ekologiýa howpsuzlygy meselesi boýunça alnyp barylýan işleriň kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidilýändigi hem bellenildi.
Soňra açylyş dabarasyna gatnaşýan myhmanlar sergide ýerleşdirilen täsin tapyndylar, seýrek duş gelýän ösümlikler we haýwanlar baradaky gyzykly maglumatlar bilen tanyşdylar.