Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi çagalar hem-de çaga dogruş binalaryndan ybarat bolup, onda bölümleriň 30-a golaýy hereket edýär. Şolaryň 26-sy bejeriş, 4-si goşmaça bölümlerdir.
Merkezde wideogastroskop, ultrases, rentgen, awtomatiki immunoferment analizator ýaly enjamlardan peýdalanylmagy anyklaýyş we bejeriş işleriniň ýokary netijeli bolmagyny üpjün edýär. Bu ýerde loporoskop enjamynda endoskopiki usul bilen operasiýalar geçirilýär. Ýeri gelende belläp geçsek, merkeziň barlamhana otagyna bedendäki wiruslary anyklaýan täze enjamlaryň
ornaşdyrylmagy bejergi hyzmatlarynyň takyk we ýokary hilli bolmagyna ýardam berýär.
Merkeziň ýene bir aýratynlygy bölümlerden daşary ýörite hyzmat ediş otaglarynyň bardygydyr. Merkeziň baş lukmanynyň orunbasary Zerip Begliýewiň bellemegine görä, «Nesil saglygy» otagynda foto-wideo kolposkop enjamy arkaly aýallarda ýatgy boýunjygynda täze döreme keselleriniň öňüni almak maksady bilen barlaglar geçirilýär. «Çaganyň irki ösüş we goşulyşma»
otagynda bolsa hereketi pes, näsag çagalara newropotolog lukmanlar tarapyndan dürli bedenterbiýe sapaklary arkaly lukmançylyk hyzmatlary berilýär. Merkezde «Çaga keselleriniň bejergisini bütewi alyp barmak» maksatnamasy boýunça hem netijeli işleriň geçirilýändigini nygtamak gerek.
Türkmenabatdaky saglyk merkezinde enelere we çagalara köpugurly hyzmatlar edilýär

14
Jun