YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda täze önümhana gurlar

«Türkmenistan» gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda konsentrirlenen fosfor dökünini öndürýän önümhanany gurmak göz öňünde tutulýar.
«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, onuň gurluşygyny 2021 — 2024-nji ýyllarda amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.
Bu döküni öndürmek üçin gerek bolan çig mal — kükürt kislotasy kärhananyň özünde öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: