YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky pagta egriji kärhanasy ýylyň birinji çärýegini üstünlikli jemledi

Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde nah ýüplügiň 1 müň
331 tonnasy taýýarlanyldy. Ýanwar — mart aýlarynda bu ýerde 57 million 741 müň manatlyk
önüm öndürilip, maliýe görkezijileri boýunça meýilnama 138,9 göterim ýerine ýetirildi.
Netijede manat möçberinde önümçiligiň ösüş depgini 132,1 göterime deň boldy. Degişli
döwürde ýurdumyzyň içerki bazaryndaky dokma kärhanalaryna hem-de daşary ýurtly sarp
edijilere gymmatly önümiň jemi 1432 tonnasy ugradyldy. Döwrebap kärhanada öndürilýän nah
ýüplükleriň 20, 27, 34 belgili görnüşleri uly islegden peýdalanýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: