JEMGYÝET

Türkmenabatdaky orta hünär okuw mekdebinde ýaşlar bilen duşuşyk geçirildi

Lebap welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler jaýynda 2025-nji ýylyň şygarynyň many-mazmunyny wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatnyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň gurnamagynda «Parahat ýollarda şamçyragymyz ― Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly gahryman serdarymyz!» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Aýdym-sazly dabara il ýaşulysy-kümüş saçly enelerimiz, bilim we medeniýet ulgamlarynda zähmet çekýän ýaşlar hem-de ýerli jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Maslahatda edilen çykyşlarda ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi, hormatly Prezidentimiziň bütin dünýäde parahatçylygy we ynanyşmagy pugtalandyrmak, durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek ugrunda üstünlikli alyp barýan hem-de dünýä jemgyýetçiliginde giňden goldanylýan içeri we daşary syýasaty dogrusynda giňişleýin hem-de buýsançly bellenildi. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: