Türkmenabat şäherindäki «Zehin ýoly» we «Kämil bilim» okuw merkezlerinde geçirilen ylmy-amaly maslahat hem bilim işgärlerine hünär taýdan kämilleşmekde, özara tejribe alyşmakda diýseň ähmiýetli boldy.
«Kämil zehin, kämil bilim» diýen şygar astynda guralan çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri, usuly birleşmeleriň ýolbaşçylary, etrapdyr şäherlerden öňdebaryjy mugallymlar gatnaşdylar.
Işjeň häsiýetde geçen maslahatda degişli ugurlar boýunça çykyşlara giň gerim berildi. Çykyşlarda, hususan-da, okuw merkezleri tarapyndan okatmagyň döwrebap tejribesini ýaýratmak boýunça innowasion pedagogika we tehnologiýalar babatda mugallymlaryň hünär derejelerini kämilleşdirmekde, öňdebaryjy iş usullaryny öwrenmekde öňde durýan derwaýys wezipeler
dogrusynda durlup geçildi. Şonuň ýaly-da daşary ýurt dillerini, takyk ugurly dersleri okatmagyň öňdebaryjy usullary ara alnyp maslahatlaşyldy. Çäre mahalynda göreldeli bilim işgärlerine sowgatlar gowşuryldy.
Özara tejribe alyşmakda, hünär taýdan kämilleşmekde uly ähmiýete eýe bolan şeýle çäreleri etraplarda göçme tertipde geçirmek hem meýilleşdirilýär.
Türkmenabatdaky okuw merkezleri bilelikde maslahat geçirdiler

12
Jun