MEDENIÝET

Türkmenabatdaky muzeýiň gymmatlyklary köpelýär

Türkmenabat şäherindäki Beýik watançylyk urşy muzeýiniň gymmatlyklary mundan bir ýyl ozal 3390 gymmatlyk bolanlygyndan häzirki wagta çenli 3500 gymmatlyga golaýlady.

Ýakynda Hojambaz etrabynyň Kyrk öýli obasynyň ýaşaýjysy Röwşen Töräýew atasy, Beýik Watançylyk urşunyň weterany Töre Myradowyň uruş ýyllarynda görkezen edermenligi üçin berlen 2-nji derejeli «Watançylyk urşy» ordenini, «Moskwany gorandygy üçin», «1941—1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda Germaniýadan üstün çykylandygy üçin» medallaryny we beýleki ýubileý medallaryny muzeýimiziň gaznasyna sowgat etdi diýip, welaýat neşiri habar berýär.

Şeýle hem Türkmenabat şäherindäki 26-njy orta mekdebiň mugallymy Zoýa Kanafinowa hem öz kakasy, uruş weterany Mahmet Kanafinowyň ordenleridir medallaryny, söweş ýollary hakyndaky maglumatlary, tylda zähmet çeken ene-mamalaryň ýeňşe goşan goşantlaryny şöhlelendirýän fotosuratlary muzeýimize sowgat etdi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: