MEDENIÝET

Türkmenabatdaky muzeýde watançylyk mowzukly duşuşyk geçirildi

Türkmenabat şäher Beýik Watançylyk urşy muzeýiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Çärjew etrap komitetiniň bilelikde guramaklarynda «Pederleriň tagzym topragy» ady bilen dabara geçirildi. Ata Watanymyza bolan bimöçber söýginiň ýüze çykmasyna öwrülen bu watançylyk çäresine ýaşuly nesliň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, Türkmenabat şäherinde ýerleşýän harby bölümleriň gullukçylary, şeýle hem talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada Gahryman Arkadagymyzyň atasy, gaýduwsyz esger, ilhalar ynsan, ussat mugallym Berdimuhamet Annaýewiň Watan goragynda görkezen, ýaş nesiller üçin görelde mekdebine öwrülen gahrymançylygy, Watan mertebesiniň, Watan topragynyň mukaddesligi, ene topragy goramagyň, gözümiziň göreji ýaly ezizläp saklamagyň nesilleriň mukaddes borjudygy barada edilen çykyşlar uly gyzyklanma bilen diňlenildi.
Dabara gatnaşyjylaryň bu ýerde ýerleşdirilen, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda gerçek ýigitlerimiziň görkezen gaýduwsyzlygyny, ildeşlerimiziň tylda çeken gahrymançylykly zähmetini teswirleýän muzeý gymmatlyklary bilen tanyşmaklary, ýaş nesilleriň merdana pederlerimiziň şöhratly ýoluna bolan buýsançlaryny artdyrdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: