MEDENIÝET

Türkmenabatdaky muzeýde maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň, Tebigaty goramak jemgyýetiniň welaýat bölüminiň, welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň hem-de Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramaklarynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli «Bitaraplyk abadan durmuşyň aýdyň kepili» ady bilen dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň maslahatlar zalynda geçirilen bu çärä ýaşuly nesliň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet işgärleri, tebigaty goramak jemgyýetiniň, Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň hünärmenleri hem-de talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Maslahatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň şu ýylyň 15-nji fewralynda geçiren iş maslahatynda Gahryman Arkadagymyzyň beren tabşyryklary, şanly sene mynasybetli çäreleri guramaçylykly we täsirli geçirmek bilen baglanyşykly öňde duran wezipeler barada edilen çykyşlar bu ýere ýygnananlar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Dabaraly maslahatyň dowamynda üstümizdäki ýylyň şygarynyň sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti baradaky çuňňur mazmunly çykyşlara giň gerim berildi. Maslahatda Gahryman Arkadagymyzyň Bitaraplyk binasynyň, şeýle hem gurulýan binalardyr desgalaryň ýanaşyk ýerlerinde ýerli tebigy şertlere görä bag nahallaryny oturtmak barada beren tabşyryklary, parahat, asuda Watanymyzyň gözel tebigaty, ony gorap saklamak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek boýunça ýurdumyzyň her bir raýatynyň öňünde durýan möhüm wezipeler barada hem täsirli çykyşlar ýaýbaňlandyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: