MEDENIÝET

Türkmenabatdaky muzeýde Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan maslahat geçirildi

Welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna bagyşlanan «Garaşsyzlyk — Watanymyzyň şöhraty» atly dabaraly maslahat we serginiň açylyş dabarasy geçirildi. Çäre Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Türkmenabat şäher komiteti bilen bilelikde guraldy. Maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, bilim we
medeniýet işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdy. Onda ýurdumyzyň Garaşsyzlygy, döwlet berkararlygy, Gahryman Arkadagymyzyň weArkadagly Gahryman  Serdarymyzyň başlangyçlary bilen gazanylýan sepgitler,döwletimiziň halkara abraýy barada ç ykyşlar edildi.
M aslahatdan soňra muzeý işgärleri tarapyndan baýrama bagyşlanyp guralanserginiň açylyş dabarasy boldy. Sergide milli miras, amaly-haşam işler, surat eserleri we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründäki üstünlikleri beýan edýän ekspozisiýalar görkezildi.