Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 20-nji orta mekdebinde ýaş nesle italýan dilini öwretmek tejribesi barha baýlaşdyrylýar.
— Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde mekdebimizde uly işler alnyp barylýar. 2021 — 2022-nji okuw ýylyndan başlap, bizde italýan dilini okatmaklyk hem ýola goýuldy. Ýaşlarymyz dünýäniň iň gadymy halklarynyň biri bolan italýanlaryň dilini öwrenmäge örän höwesek. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetini tamamlan Enejan Osmanowa we Belarus döwlet uniwersitetiniň uçurymy Mawlýuda Bazarowa mekdebimizde italýan dili dersini okadýarlar. Olaryň irginsiz tagallalary netijesinde ýaşlar bu diliň ýazuw kadalaryny, okamagy, erkin gürlemegi öwrenýärler — diýip, mekdep müdiri Nurtäç Rejepowa welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
Italiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan özara hyzmatdaşlygyň çäginde hünär kämilleşdiriş okuwlary guralýar. Geçen ýyl mekdebiň italýan dili mugallymy Enejan Osmanowa türkmenistanly kärdeşleri bilen bilelikde Italiýa Respublikasynda iki aýlyk ýörite okuwlarda boldy.
Okuw maksatnamasyna laýyklykda italýan dili orta mekdeplerde 5-nji synpdan okadylyp başlanýar. Her synpda okuw sapaklary ýörite meýilnama esasynda geçirilýär.
Türkmenabatdaky mekdepde okuwçylara italýan dili öwredilýär
07
Nov
