BILIM

Türkmenabatdaky mekdepde ekofestiwal geçirildi

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 30-njy orta mekdepde Türkmenistanda ÝUNESKO-nyň bilimi ekologiýalaşdyrmak boýunça yglan eden uzakmöhletleýin Maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň hem-de Ýaşyl bilim we Daşky gurşawy goramak taslamalarynyň çäginde Birleşen Milletler Guramasynyň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň Milli Toparynyň sekretariaty, Türkmenistanyň Bilim ministrligi hem-de «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy bilen bilelikde ekofestiwal geçirildi.
«Durnukly geljek: ýaşlar we tebigat» diýen at bilen geçirilen bu çäredeokuwçylar ata Watanymyzyň  tebigy gözelliklerini wasp edýän goşgularydyr aýdymlary ýerine ýetirdiler. Çykyşlarda ýurtda daşky gurşawy goramak ugrunda alnyp barylýan işleriň oňyn netijesi bellenildi.
Soňra «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň wekilleri Diýarymyzyň haýwanat we ösümlikler dünýäsine bagyşlanyp guralan sergä tomaşa etdiler.
Festiwalyň çäginde myhmanlar mekdep okuwçylary bilen birlikde ýörite ekogaplara pomidor ekdiler. Soňra «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň agzalary bu günki çärä işjeň gatnaşan mugallymlara we okuwçylara ýadygärlik sowgatlaryny gowşurdylar.