BILIM

Türkmenabatdaky mekdep halkara bäsleşiklerde ýokary netijeleri gazandy

Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary 2026-njy ýylda geçirilen halkara ylym bäsleşiklerinde uly üstünlikler gazandylar. Mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Sewinç Abdullaýewa «UNIPO — 2026» halkara taslama bäsleşigine tebigy ugurlar boýunça gatnaşyp, birinji we ikinji orunlara mynasyp boldy. Şonuň bilen birlikde, «FISO — 2026» halkara bäsleşiginiň jemleri boýunça mekdebiň okuwçylary jemi 125 sany baýrakly orny eýelemegi başardylar.
Mekdepde ornaşdyrylan sanly bilim ulgamy we tejribeli mugallymlaryň, şol sanda fizika ylymlarynyň kandidaty Hudaýkuly Rahymowyň hem-de beýleki hünärmenlerin yhlasly zähmeti bu üstünlikleriň esasy binýady boldy. Zehinli okuwçylar häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleri tarapyndan yglan edilýän beýleki ylmy bäsleşiklere we olimpiadalara hem işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlary eýeleýärler.