Türkmenabatdaky maslahatda Halk Maslahatynyň ornuna uly ähmiýet berildi
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisine mynasyp taýýarlyk görmek maksady bilen Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde maslahat geçirdi. Oňa partiýanyň welaýat, Türkmenabat şäher, Çärjew we Saýat etrap komitetleriniň işgärleri we işjeň agzalary, welaýat baş bilim müdirliginiň hünärmenleri gatnaşdylar.
«Anyk maksatlar, möhüm wezipeler» atly bu maslahatda edilen çykyşlarda döwletimizi ösdürmekde, jemgyýetiň agzybirligini berkitmekde, halk bilen häkimiýetiň jebisligini gazanmakda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň alyp barýan işleriniň uly ähmiýete eýedigi nygtaldy.
Şeýle hem bu ählihalk forumyna taýýarlygyň çäklerinde köpugurly işleriň alnyp barylmagy, jemgyýetiň her bir wekiliniň erk-isleginiň, raýatlaryň teklipleriniň diňlenilmegi bolsa ýurtda milli demokratiýanyň günsaýyn dabaralanýandygyny äşgär edýär.