JEMGYÝET

Türkmenabatdaky maslahat maşgala gymmatlyklaryna bagyşlandy

Lebap welaýat atçylyk sport toplumynyň mejlisler zalynda etrap häkimliginiň, etrap kazyýetiniň we etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda «Maşgalam — baş galam» ady bilen wagyz-nesihat maslahaty geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, geňeşlikleriň, edara-
guramalaryň, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda edilen çykyşlarda maşgala mukaddesligine, milli däp-dessurlarymyza hormat goýýan kämil ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde maşgalanyň orny hakynda giňden durlup geçildi. Ýaş maşgalalaryň olardan habarly bolmagyny, özlerine berilýän goldaw-hemaýatdan doly peýdalanyp
bilmegini gazanmak üçin olaryň arasynda şeýle çäreleri geçirmegiň ähmiýetli boljakdygy aýratyn nygtaldy.