JEMGYÝET

Türkmenabatdaky maslahat korrupsiýa garşy göreşe bagyşlandy

Korrupsiýanyň öňüni almak hem-de oňa garşy göreşmek boýunça welaýat baş maliýe we
ykdysadyýet müdirliginiň, welaýat salgyt bölüminiň hem-de döwlet balyk goraýyş we suwuň
bioserişdelerine gözegçilik müdirliginiň Lebap welaýaty boýunça bölüminiň işgärleriniň
arasynda maslahat geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň,
şeýle hem hukuk goraýjy edaralaryň jogapkär işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda edilen çykyşlarda korrupsiýa garşy göreşmegiň esasy ýörelgeleri, korrupsiýa
bilen bagly hukuk bozulmalara getirýän sebäpler, olary aradan aýyrmagyň ýollary, şunuň
bilen baglanyşykly hukuk bozulmalaryň edilendigi üçin düzgün-nyzam temmileri, korrupsiýa
garşy hereket etmegiň netijeliligini ýokarlandyrmakda döwlet edaralarynyň işiniň esasy
ugurlary, korrupsiýanyň öňüni almak boýunça geçirilmeli çäreler barada giňişleýin aýdylyp
geçildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: