JEMGYÝET

Türkmenabatdaky maslahat Amul galasyny öwrenmeklige bagyşlandy

Lebap welaýat kitaphanasynda Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Saýat we Farap etrap birleşmeleri bilen bilelikde «Amul galasy — şanly taryhdan nyşan» atly maslahat geçirildi. Maslahata welaýatymyzyň ýaşuly nesliniň wekilleri, iri jemgyýetçilik guramalarynyň we syýasy partiýalarynyň işjeň agzalary, şeýle hem kitaphana işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler tarapyndan halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli mirasyny, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän gadymy galalary, kerwensaraýlary we beýleki taryhy ýadygärlikleri öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak boýunça alnyp barylýan işler barada pikir alşyldy. Şeýle-de häzirki wagtda türkmen alymlary bilen birlikde halkara jemgyýetçiliginiň Amul galasynyň taryhyny öwrenmäge uly gyzyklanma bildirýändigi bellenildi. Çäräniň dowamynda kitaphana işgärleri tarapyndan guralan «Milli mirasymyz — umumadamzat hazynasy» atly kitap sergisi bilen tanyşyldy.