TÜRKMENISTAN HABARLARY, YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde işler üstünlikli alnyp barylýar

Türkmenabat şäherindäki «Kökçi» hojalyk jemgyýetinde ýeňil we ýük awtoulaglary üçin akkumulýatorlary öndürmek işleri üstünlikli alnyp barylýar.
 «Kökçiniň» amperi 60-dan 190-a çenli beýgelýän ýokary hilli «Kuwwat», «Ýyldyrym», «TM Power» ýaly haryt nyşanly akkumulýatorlary içerki bazarlar bilen bir hatarda daşary ýurtlarda-da islegli önümleriň hatarynda tanalýar.
 Akkumulýator öndürmekde ýurtda ilkinji hususy kärhana bolan «Kökçi» hojalyk jemgyýetiniň önümhanasynda Türkiýäniň, Ýaponiýanyň, Hytaýyň we Hindistanyň döwrebap enjamlary ornaşdyrylyp, her günde, ortaça, 300-350 sany akkumulýator öndürilýär. Önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanylýar.
 Bu ýerde şu ýylyň geçen dokuz aýynda 65291 sany akkumulýator öndürilip, 25 million 517 müň manatlykdan gowrak iş edildi. Degişli döwürde akkumulýatorlaryň 22568 sanysy, pul hasabynda bolsa 2,5 million manatlygy daşary ýurtlara eksport edildi. Önümleriň aglaba bölegi bolsa içerki bazarlara ugradyldy.