JEMGYÝET

Türkmenabatdaky kärhananyň açyljak günleri ýakynlaşýar

Prezident Serdar Berdimuhamedow 4-nji oktýabrda sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň dokuz aýynda ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi hem-de öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer B.Orazdurdyýewa Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününe görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, baýramçylygyň öňüsyrasynda, 9 — 12-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki we Halkara sagaldyş-dikeldiş merkezlerini, Türkmenabat şäherinde glisirrizin turşusyny öndürýän kärhanany, Mary şäherinde Mary welaýatynyň hem-de Mary şäheriniň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gulluklarynyň edara binalaryny dabaraly açyp ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Şeýle-de “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi hem-de ylmy maslahat geçiriler. Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde zähmetde tapawutlanan saglygy goraýyş işgärlerine döwlet sylaglary gowşurylar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: