Türkmenabatdaky kärhanada üç aýlyk meýilnama iki esse ýerine ýetirildi
Türkmenabat 1-nji çörek kärhanasynda şu ýylyň ilkinji çärýeginde 1 müň 26 tonna çörek we çörek önümleriniň taýýarlanylmagynyň göz öňünde tutulandygyna garamazdan, üç aýyň görkezjileri boýunça harytlyk önümiň 2 müň 545 tonnadan gowragy öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Degişli döwürde 248 göterim ösüş gazanyldy.
Çörek kärhanasynda önümleriň jemi 9 görnüşi taýýarlanylýar. Olardan «Galyply» çöregini hem-de «Höwesli», «Altyn däne», «Ak bugdaý», «Toý», «Erteki», «Talyp», «Kömelek», «Baton» ýaly çörek önümlerini belläp geçmek bolar.