YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhanada üç aýda 605 tonnadan gowrak nah ýüplük öndürildi

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde şu ýylyň ýanwar — mart aýlarynyň jemleri boýunça 605
tonna 200 kilogram nah ýüplük öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirenimizde
önümçiligiň ösüş depgini 114,6 göterime deň boldy.
Döwrebap dokma kärhanasynda üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 20 million 778 müň 949
manatlyk iş amala aşyrylyp, maliýe görkezijileri boýunça meýilnama 155 göterim ýerine ýetirildi.
Munuň özi manat möçberinde önümçiligiň ösüş depgininiň 204,6 göterime ýetirilendigini aňladýar.
Kämil enjamlaryň sazlaşykly işine daýanýan döwrebap kärhanada häzirki döwürde sarp edijileriň
sargytlaryna laýyklykda, esasan, nah ýüplükleriň 34-lik belgili görnüşi öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: