Türkmenabatdaky kärhanada subtropik miweler ýetişdirilýär
Türkmenabadyň S.A.Nyýazow adyndaky himiýa kärhanasynyň ýyladyşhana
hojalygynda limonyň 80, papaýýanyň 200 düýbüne ideg edilýär. Häzirki döwürde bananyň 25, zeýtun agajynyň 2 düýbi ekilip, synagdan geçirilýär. Bu işler çärýek asyrlyk tejribesi bolan bagban Babaguly Garýagdyýewiň ýolbaşçylygynda alnyp barylýar.
― Ýurdumyzda papaýýanyň Tailand döwletinden getirilen görnüşiniň ösüp
biljekdigine anyk göz ýetirdim. Tropiki ekinleriň arasynda iň aňsat ýetişdirilýänleriniň biri papaýýadyr. Ol, esasan-da, tohumyndan köpelýär. Toprak 27 — 30 dereje gyzgynlyga eýe bolanda, ekilen tohumlar 1,5 — 2 aýyň dowamynda gowy gögerýär. Boýy 25 — 30 santimetre ýetende, nahallar hemişelik ösjek ýerine oturdylýar, 8 aýdan soň gülläp, 5 aýyň dowamynda hasyly ýetişýär. Bir ýyllyk papaýýanyň boýy 2 metre ýetýär. 3 ýyldan köpçülikleýin hasyla durýar. Uly papaýýanyň boýy 6 metre, görnüşlerine laýyklykda 8 — 10 metre çenli hem ýetip bilýär. Uly düýbi bir ýylyň içinde 70, hatda 100 kilograma çenli hasyl berýär. Bu ösümligiň miwesi ynsan saglygy üçin örän peýdaly. Miwesi düzüminde A, W1, W2, C ýokumlaryny, kalsiý, kaliý, fosfor, demir ýaly himiki elementleri, albumini we papaýin fermentini saklaýar. Dürli keselleri bejermekde ulanylýar ― diýip, bagban welaýat neşiriniň habarçysyna gürrüň berdi.
Ýyladyşhanamyzyň hasylly bolmagynda ýaş bagbanlar Ylham Jumanyýazowyň,
Kemal Gaýypowyň hyzmaty uludyr. Gujur-gaýrat siňdirilip çekilen zähmet ýylyň
dowamynda miwesini berip dur. Hasyly bolsa kärhananyň işgärlerine ýetirilýär.