YKDYSADYÝET

Türkmenabatdaky kärhanada şu ýyl 210 tonna nah ýüplük öndürildi

Türkmenabadyň pamyk egriji fabriginde şu ýylyň ýanwar aýynyň jemleri boýunça 210 tonna
nah ýüplük öndürildi. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende önümçiligiň ösüş depgini 100,9 göterime deň boldy.
Üstümizdäki ýylyň ilkinji aýynda 7 million 217 müň 826 manatlyk iş amala aşyrylyp, meýilnama 156,2 göterim ýerine ýetirildi. Netijede manat möçberinde önümçiligiň ösüş depgini 179,4 göterime ýetirildi. Kämil enjamlaryň sazlaşykly işine daýanýan döwrebap kärhanada häzirki döwürde sarp edijileriň sargytlaryna laýyklykda, esasan, nah ýüplükleriň 34-lik belgili görnüşi öndürilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: